Öňdebaryjy hytaý smartfon brendleri, şol sanda Oppo, OnePlus, Vivo we Xiaomi 2026-njy ýylyň mart aýyndan başlap öz enjamlarynyň bahasyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdiler. Esasy sebäp hökmünde ýat çiplerini we beýleki komponentleri satyn almak boýunça çykdajylaryň ep-esli ýokarlanmagy görkezilýär, bu bolsa önümiň özüne düşýän gymmatyna täsir edýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bahalaryň ýokarlanmagy soňky ýyllarda mobil enjamlar bazarynda iň uly ýokarlanmalaryň biri bolup biler. Bu üýtgeşme býujet hem-de premium modellerine hem täsir eder.
Näme üçin smartfonlaryň bahasy ýokarlanýar
Esasy faktor — smartfonlaryň bahasynyň möhüm bölegini düzýän ýat mikroshemalarynyň (DRAM we NAND) gymmatlamagydyr. Emeli aňyň işjeň ösüşi hem-de maglumat merkezleriniň zerurlygynyň artmagy sebäpli ýada bolan isleg ýokarlanýar, şol bir wagtyň özünde üpjünçilik çäkli bolmagynda galýar. Netijede, ýetmezçilik ýüze çykýar we dünýä boýunça elektronika öndürijileri üçin komponentleriň bahasy ýokarlanýar.
Analitikler bu ýagdaýy «memory crunch» (“ýat çökgünligi ”) diýip atlandyrýarlar. Bu ýagdaý eýýäm smartfon öndürijileriniň önümçilik çykdajylaryna täsir edýär. Hatda global üpjünçilik zynjyrlaryna eýe bolan kompaniýalar hem satuw bahalaryny ýokarlandyrmaga mejbur bolýarlar.
