Madrid şäherinde geçirilen giň gerimli tanyşdyryş çäresinde Huawei kompaniýasy gajetleriniň täzelenen hataryny hödürledi. Esasy täzelik hökmünde hödürlenen Huawei Watch GT Runner 2 ylgamak üçin ýörite işlenip taýýarlanan akylly sagatlar bolup, olar hem höwesjeňler, hem-de professional türgenler üçin niýetlenendir.
Çempionlar üçin takyklyk
Watch GT Runner 2 modeliniň esasy aýratynlygy innowasion üç ölçegli “ýüzýän” antennasydyr. Emeli aň algoritmleri bilen utgaşdyrylanda, bu tehnologiýa ýokary derejeli geolokasiýa takyklygyny üpjün edýär. Sagatlar hatda GPS signaly ýygy-ýygydan kesilýän şäher gurluşygy şertlerinde hem ugruny we aralygy durnukly hasaba alýar.
Marafonçylar üçin ýörite tertip göz öňünde tutulandyr — ol şahsy tälimçi ýaly işleýär: ýaryşlara taýýarlykda kömek edýär hem-de pellehanadan soň netijeleri çuňňur seljerýär. Modeliň ilçisi hökmünde meşhur olimpiýa çempiony Eliud Kipçoge çykyş edýär.
Sport we dynç alyş üçin täzelikler
Ylgamak modelinden başga-da, Huawei beýleki enjamlarynyň mümkinçiliklerini hem giňeltdi:
Watch Ultimate 2

Huawei Watch Ultimate 2– Daýwing üçin niýetlenen premium sagatlar indi golf oýny üçin kämilleşdirilen mümkinçiliklere eýe boldy.
Huawei Band 11

Huawei Band 11 – Gündelik saglyk gözegçiligi üçin elýeterli täze fitnes-bilezikler.
FreeBuds Pro 5

Huawei FreeBuds Pro 5– Iki draýwerli we güýçli ses basyş ulgamly öňdebaryjy nauşnikler.
Smartfonlar we planşetler
Huawei Mate 80 Pro

Mobil segmentde Huawei Mate 80 Pro ilkinji gezek tanyşdyryldy. Onuň esasy aýratynlygy — dürli ýagtylyk şertlerinde hem reňkleri takyk görkezýän we realistik suratlary üpjün edýän XMAGE ikinji nesil kamerasy boldy.
MatePad Mini

Şeýle hem Huawei MatePad Mini hödürlendi — bu brendiň taryhynda ilkinji 8,8 dýuým ekranly ykjam planşet bolup, ýeňilligi we ýokary öndürijiligi utgaşdyrýar.
ORIENT
