
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Patyşalygyna amala aşyran saparynyň baý mazmunly maksatnamasynyň aýratyn ähmiýetli böleginiň biri Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Londonyň Uniwersitet kolejiniň Arheologiýa institutynyň professory Timoti Uilýamsyň arasynda geçirilen duşuşyk boldy. Bu çuň manyly duşuşygyň netijesinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL Arheologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama ýurdumyzyň bahasyna ýetip bolmajak taryhy mirasyny öwrenmek we gorap saklamak işinde täze tapgyry açýar.
Türkmen tarapy professor Uilýamsyň Gadymy Merwi öwrenmek boýunça 20 ýyldan gowrak alyp baran işine ýokary baha berip, çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Beýik Ýüpek ýolunyň bilermeni we onuň UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň başlangyjyny öňe sürenleriň biri hökmünde ykrar edilen Tim Uilýams uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Döwlet taryhy-medeni goraghanasy hem-de UCL-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk bolan “Gadymy Merw” boýunça özboluşly halkara taslamasyna ýolbaşçylyk etdi.

Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk täze tehnologik derejä çykýar. Professor Uilýams häzirki wagtda Gazagystandan başlap, Sinszýana çenli tutuş sebiti öz içine alýan “Merkezi Aziýanyň arheologik landşaftlary” atly giň gerimli taslama ýolbaşçylyk edýär. Taslama sebit boýunça ýadygärlikleriň ýokary takyklykdaky geogiňişlik sanawyny döretmäge gönükdirilendir.
Täze Ylalaşyk diňe bir bilelikdäki ekspedisiýalary geçirmek hem-de muzeý we sergi işini ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň öňdebaryjy arheologiýa merkezleriniň biriniň binýadynda ýaş türkmen hünärmenlerini yzygiderli taýýarlamagy hem göz öňünde tutýar.
Şeýlelikde, Londona amala aşyrylan sapar Türkmenistanyň uly geljegini onuň beýik geçmişi bilen baglanyşdyryp, häzirki ösüşiň binýadynyň siwilizasiýanyň gözbaşlaryna hormat goýmakdan ybaratdygyny tassyklaýar.