Sinhua habar agentliginiň neşirýat bölümi bolan Sinhua neşirýaty “Si Szinpiniň baştutanlygynda Hytaýyň dolandyrylyşy” atly kitabyň birinji tomuny çap etdi.
Sinhua tarapyndan taýýarlanan bu kitap hytaý we iňlis dillerinde çap edildi hem-de ýurt içinde we daşary ýurtlarda okyjylara elýeterlidir.
Kitabyň birinji tomunda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Si Szinpiniň 26 sany Sinhua habarlary we 41 sany täze suratlary ýerleşdirilendir. Bu kitapda Hytaýy milli galkynyşa gönükdirmekde öňdengörüjilikli baştutanlygyň aýdyň beýany, şeýle hem Si Szinpiniň täze eýýam üçin Hytaý aýratynlyklary bilen sosializm baradaky pikirleriniň saldamlygy hem-de onuň amaly taýdan ägirt uly güýji görkezilýär.
Hepdäniň sişenbe güni Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ählumumy dolandyryş boýunça seminar hem-de bu kitabyň iňlis dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.