
Emeli aň tehnologiýasyna esaslanýan meşhur Wispr Flow hyzmaty resmi taýdan Android ulanyjylary üçin elýeterli boldy. iOS ýa-da Windows wersiýalaryndan tapawutlylykda, smartfonlarda programma islendik açyk penjireleriň üstünde peýda bolýan amatly ýüzýän düwme görnüşinde işleýär.
Hyzmatyň esasy artykmaçlygy – janly sözleýşi intellektual taýdan gaýtadan işlemegidir. Emeli aň modeli sesi dessine transkripsiýa edýär we tertipsiz pikirleri arassa hem-de dogry formatlanan tekste öwürýär.
Ulgam awtomatiki taýdan söz doldurgyçlaryny aýyrýar, ýazuw ýalňyşlaryny düzedýär we ulanyjy ýazgy wagtynda üýtgetme girizse, tötänleýin aýdylan jümleleri hasap etmeýär. Düwmä basyp söz aýdanyňyzdan soň taýýar tekst awtomatiki ýagdaýda saýlanan girizme meýdanynda peýda bolýar.
Wispr Flow algoritmleri ýüzden gowrak dili, şol sanda rus dilini hem goldaýar we garyşyk sözleýşi netijeli tanap bilýär. Dogry işlemegi üçin programma diňe beýleki penjireleriň üstünde görkezilmäge rugsat we bufer alyş-çalşygyňa (clipboard) elýeterlilik talap edýär.
Häzirki wagtda işläp düzüjiler synag tapgyrynyň çäginde Android ulanyjylaryna çäklendirmesiz mugt elýeterlilik berýärler. Bu aýratyn hem bähbitlidir, sebäbi beýleki platformalarda hepdede bary-ýogy 1000 söz çäklendirmesi bar, çäklendirmäni aýyrmak bolsa aýda 12 amerikan dollaryna düşýär.
ORIENT