Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Londona iş sapary «Merkezi Aziýa + Beýik Britaniýa» atly täze köptaraplaýyn platformany işe girizmäge taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy.
Bu formatdaky birinji ministrler duşuşygynyň öňüsyrasynda, taryhy Lankaster-haus binasynda sebitiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen Edinburgyň gersogy, şazada Edwardyň gatnaşmagynda bilelikdäki iş günortanlyk nahary boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar täze altytaraplaýyn formatynyň döredilmeginiň tehnologiýalar, ulag we maýa goýumlary ulgamynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin itergi boljakdygyny nygtadylar.
Türkmen tarapy mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Aşgabadyň Beýik Britaniýany özboluşly diplomatik tejribesi bolan hyzmatdaş hökmünde görýändigini belledi. Dialogyň ynsanperwerlik böleginde Türkmenistanda bilim maksatnamalaryna we iňlis dilini öwrenmäge bolan islegiň durnukly artýandygy nygtaldy. Aşgabatda Şekspiriň ýadygärliginiň oturdylmagy, «Ceilidh» agşamlarynyň geçirilmegi we Köpetdagyň barslary baradaky «BBC»-iň filminiň surata düşürilmegi ýaly taslamalar bu amallaryň aýdyň mysaly bolup, halklary medeniýet we ekologiýa derejesinde ýakynlaşdyrýar.

Howpsuzlyk temasy we saparyň parlament bölegi hem umumy sebit dialogyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere goşuldy. Şa zenanynyň atly goşun gwardiýasynyň binasynda Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan kärdeşleri bilen bilelikde Beýik Britaniýanyň Goranmak boýunça döwlet ministri Lord Rodni Kouker bilen howpsuzlyk we hünärmenleri taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Parlamentara hyzmatdaşlyk baradaky tema Westminster köşgünde Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl we Pem Koksuň ýolbaşçylygyndaky Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyk boýunça ählipartiýalaryň topary bilen geçirilen duşuşyklarda dowam etdirildi. Bu gatnaşyklar 2011-nji ýylyň Ähtnamasynyň ähmiýetini we britan parlamentarileriniň sebitdäki täze integrasiýa başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Sammitiň öňüsyrasyndaky duşuşyklaryň ykdysady bölegi Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen geçirilen gepleşiklere gönükdirildi. Esasy tema bankyň «Gündogar-Günbatar» halkara ulag geçelgesini ösdürmäge gatnaşmagy boldy, bu ýerde Türkmenistan baglaýjy halka bolup hyzmat edýär. Raşid Meredow logistika we durnukly energetika boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysnyň Londonda geçiren duşuşyklary diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, eýsem 26-njy fewralda geçiriljek «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» ministrler duşuşygynyň mazmunyny hem baýlaşdyryp, sebit hyzmatdaşlygynyň täze gurluşynda Aşgabadyň ileri tutýan ugurlaryny kesgitledi.

26-njy fewralda, 1991-nji ýyldan bäri ilkinji gezek, Beýik Britaniýa sebitiň bäş ýurdunynyň ählisinmiň daşary işler ministrlerini Britaniýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Iwett Kuperiň başlyklyk etmegindäki bilelikdäki sammiti kabul eder. Bu format Londonyň Merkezi Aziýanyň çalt ösýän ykdysadyýetlerine tarap strategik öwrülişini aňladýar. Britan hökümeti üç sany esasy ugra ünsi jemlemegi göz öňünde tutýar: örän möhüm peýdaly gazylyp alynýan minerallar serişdeler üçin üpjünçilik zynjyrlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly energetika geçmek üçin «ýaşyl» ösüş taslamalaryny goldamak we iňlis dilindäki bilim maksatnamalaryny giň gerimde giňeltmek.
Şeýle gün tertibi ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we senagat pudagyna ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga çalyşýan Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýär.
