Google DeepMind kompaniýasy Gemini atly çat-bota täze Lyria 3 saz modelini goşdy. Indi neýro tor daşarky plaginler ýa-da hyzmatlar bolmazdan, gönüden-göni çat penjiresinde wokally, sözli we hatda daşlygy bilen bilelikde doly 30 sekuntlyk trek döredip bilýär.
Lyria 3-iň esasy aýratynlygy — doly awtonomlylyk. Indi aýdymyň sözlerini özüňiz ýazmaly däl: diňe keýpi ýa-da ýagdaýy beýan etmek ýeterlik. Emeli aň sözleri özbaşdak düzýär, sazy saýlaýar we aranžirowkasyny döredýär. Indi äheňi, stili we hatda wokalyň görnüşi dolandyryp bolýar, bu bolsa sesiň professional we çuň bolmagyny üpjün edýär.
Gural siziň media faýllaryňyzyň ýagdaýyny hem “duýup” bilýär. Dag ýolunda itiň suratyny ýükläň — Gemini size folk ýa-da ambient stilindäki aýdymy hödürlär. Wizual bölegi Nano Banana atly neýro tor üpjün edýär, ol her kompozisiýa üçin awtomatiki ýagdaýda daşlygynyň suratyny döredýär.
Google awtorlyk hukuklarynyň goragyny üpjün etdi: emeli aň hakyky ýyldyzlaryň seslerini göçürmeýär, diňe olaryň stilini ugur hökmünde ulanýar. Her faýla SynthID atly görünmeýän suw belgisi ýerleşdirilýär. Ol diňläniňde bilinmeýär, emma Gemini arkaly aýdymyň emeli aň tarapyndan döredilendigini tiz wagtda barlamaga mümkinçilik berýär.
Bu funksiýa eýýäm Gemini-niň web wersiýasynda 18 ýaşdan uly ulanyjylar üçin elýeterlidir, ýakyn günlerde mobil goşundylarda hem peýda bolar. Gural 8 dili goldaýar we dünýä boýunça YouTube Shorts döredijileri üçin açykdyr. Plus, Pro we Ultra nyehnamalarynyň abunaçylary döredilýän trekleriň sany boýunça giňeldilen mümkinçilikleri aldylar.
ORIENT
