Hytaý döwleti Germaniýanyň iň uly köpugurly deňiz porty hem-de Ýewropa üçin möhüm derweze bolan Gamburg portunyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu barada “Hamburger Hafen und Logistik AG” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Angela Titsrat habar berdi.
“Hamburger Hafen und Logistik AG” kompaniýasy Hytaýyň “China COSCO Shipping Corporation” kompaniýasynyň “COSCO Shipping Ports Limited” golçur kärhanasy bilen hyzmatdaşlygyny ynamly dowam etdirýär. “COSCO Shipping Ports Limited” kärhanasy Gamburgyň dört sany konteýner terminalynyň iň kiçisi bolan “Container Terminal Tollerort” terminalynyň 24.99 göterim paýyna eýedir.
“Netijeli hyzmatdaşlyk Hytaý bilen söwdanyň, aýratyn-da COSCO-nyň gämileriniň, Germaniýanyň we Ýewropanyň içerki bazarlaryna harytlary amatly paýlamak üçin Gamburgy we Tollerorty ilkinji möhüm merkez hökmünde peýdalanmagyna mümkinçilik döredýär” diýip, Angela Titsrat aýtdy. Onuň sözlerine görä, köp ýyllyk hyzmatdaşlyk Hytaýdan Gamburga gelýän ýükleriň has-da artmagyna itergi berer.
Hytaý köp ýyllardan bäri Gamburgyň iň möhüm söwda hyzmatdaşydyr. Iki ýurt 15 sany deňiz ugry arkaly arabaglanyşygy saklaýar we hyzmatdaşlygy alyp barýar. Esasy ýükler sarp edijilik harytlary, himiýa önümleri we senagat enjamlarydyr.
40 ýyldan gowrak dowam edýän hyzmatdaşlyk Germaniýa/Ýewropa bilen Hytaýyň arasynda berk senagat utgaşyklygyny görkezýändir diýip, Angela Titsrat belledi.
Angela Titsrat hem-de “COSCO Shipping Europe” kompaniýasynyň prezidenti Wan Minfen portda bölünip çykýan kömürturşy gazynyň möçberini azaltmak we daşky gurşawa zyýansyz, pes uglerodly üpjünçilik zynjyryny döretmek ugrunda bilelikdäki tagallalara aýratyn ünsi çekdiler.
“Gamburg biziň üçin halkara derejesinde iş gerimimizi giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Biz sanly üpjünçilik zynjyryna, ýekologiýa taýdan arassa we täze tehnologiýaly gämi gatnawlaryna esaslanýan dünýä derejesindäki deňiz-logistika tehnologiýa kompaniýasyna öwrülmegi maksat edinýäris” diýip, Wan Minfen pikirini paýlaşdy.