Hytaýyň Sichuan welaýatynda ýerleşýän Lianhekou gibrid nasosly gidroelektrik stansiýasynda ýekşenbe güni iki sany möhüm tapgyr üstünlikli tamamlandy: elktrostansiýanyň ýerasty desgasynyň gazuw işleri tamamlandy we aşaky suw howdany üçin beton guýulmagyna başlandy. Bu işler ägirt uly arassa energiýa taslamasynyň ulanylmaga berilmegine has golaýlaşandygyny görkezýändir.
Deňiz derejesinden 3 müň metr beýiklikde, Günbatar Sichuan platosynda ýerleşýän bu desga ýokarky suw howdany hökmünde welaýatyň iň uly Lianhekou suw howdanyndan, aşaky howdan hökmünde bolsa Ýagen 1-nji derejeli gidroelektrik stansiýasynyň suw howdanyndan peýdalanýar.
Taslama her biri 300 müň kilowat kuwwatly dört sany agregaty hem-de Lianhekou taslamasynyň 3 million kilowat kuwwatly adaty agregatlaryny öz içine alýar.
Şeýlelikde umumy gurnalan kuwwat 4.2 million kilowata ýetýär. Desga işe girizilenden soň, tebigy akym arkaly elektrik energiýasyny öndürmek bilen iki taraplaýyn nasosly sazlamany utgaşdyrar.
Taslamanyň “energiýa ýüregi” hasaplanýan ýerasty desgasy dagyň aşagynda 500 metre golaý çuňlukda ýerleşýär. Onuň uzynlygy 200 metre golaý, beýikligi 60 metr, aňrybaşy çuňlugy bolsa 650 metre ýetýändir.
Beýik daglyk sebitinde ýerleşýän bu “ýaşyl energiýa banky” ulanylmaga berlende, Hytaýda arassa energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrar hem-de elektrik torlarynyň sazlaýyş mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrar.