17–18-nji fewralda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň mejlisler zalynda Köpetdag goraghanasynyň we Ahal welaýatynyň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň işgärleri üçin SMART (Spatial Monitoring and Reporting Tool) ulgamyny ulanmak arkaly ýerleri goramagyň häzirki zaman usullary boýunça okuw geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Conservation X Labs guramasy we ýerli SMART ulgam hünärmenleri bilen bilelikde guraldy. Okuwyň esasy maksady — territoriýany gözden geçirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, biodürlüligiň monitoringi we tebigaty goraýyş edaralarynyň işgärleriniň amaly endiklerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Birinji gün gatnaşyjylar okuw seminary we amaly taýýarlykdan geçdiler. Gözegçiler tebigaty goramak işi üçin halkara standart bolan SMART ulgamynyň iş ýörelgelerini öwrendiler. Günüň ikinji ýarymynda tejribeli SMART hünärmenleri bilen meýdan işiniň simulýasiýasy geçirildi: smartfonlarda wakalary hasaba almak (haýwanlaryň yzlaryny tapmak, foto duzaklary barlamak, wizual gözegçilikler, bozmalary hasaba almak), takyk GPS belligi, dessine surata düşürmek, ýokary howply zolaklary öz içine alýan ugurlary gurmak.
18-nji fewralda okuw dolylygyna SMART ulgamynyň operatorlaryny taýýarlanylmaga bagyşlandy: ugurlary we gözegçilikleri import etmek, maglumatlar binýady bilen işlemek, maglumatlary seljermek we hasabat taýýarlamak.
Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekili biodürlüligi gorap saklamak boýunça döwlet wezipelerini ýerine ýetirmek üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň strategiki ähmiýetini belledi. Üstünlikli iş üçin Conservation X Labs guramasy ähli zerur enjamlary üpjün etdi.
SMART gözegçilik tehnologiýalaryny özleşdirmek, sanly infrastrukturany ösdürmäge, tehnologiýalary we elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmaga gönükdirilen hormatly Prezidentimiziň strategik ugrunyň we Konsepsiýasynyň bir bölegidir. Şeýle çözgütleri ornaşdyrmak häzirki zaman, tehnologiki taýdan ösen daşky gurşawy goramak ulgamyny döretmegiň wezipelerine gönüden-göni laýyk gelýär.
Munuň özi bilen Köpetdag goraghanasynyň we Ahal welaýatynyň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň işi Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny gorap saklamagyň açyklygyny, hasabatlylygyny we netijeliligini ýokarlandyrýan hil taýdan täze, maglumatlara esaslanýan derejä geçýär.
ORIENT
