Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, 2-6-njy mart aralygynda ýurduň her bir zenan maşgalasyna döwlet Baştutanynyň adyndan dabaraly ýagdaýda pul sowgatlary gowşurylar.
Birnäçe günüň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde — iri ministrliklerden başlap, oba çagalar baglaryna çenli — türkmen jemgyýetinde zenanlaryň ýokary ornuny görkezýän dabaralar geçiriler.
Ähli zenanlar baýramçylyk sowgadyny alarlar: eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlary, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlary, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada, kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji zenan-gyzlary, talyp gelin-gyzlary, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlary.
Sowgatyň möçberi 60 manat. Baýramçylyk Baýramçylyk sowgatlaryň dabaraly ýadaýda gowşurylmagy — işgärler üçin ýene-de bir gezek kärdeşlerine mähirli sözleri aýtmak we olary bahar baýramy bilen gutlamak üçin mümkinçilikdir. Bu her ýylda geçirilýän dabara tutuş ýurtda baýramçylyk ruhunyň döredip, hut aýallaryň öýüň ojagynyň görküdigi nygtaýar.
