||
Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynda deňiz arkaly paçsyz söwdanyň möçberi şu ýylky Bahar baýramynyň ilkinji üç gününde 680 million ýuana, ýagny 98 million 430 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Ýerli gümrük edararalarynyň maglumatlary, satuw möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18.9 göterim artandygyny görkezdi.
2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Hytaýyň dünýäde meýdany boýunça iň uly bolan Haýnan Erkin Söwda Portunda ada boýunça ýörite gümrük düzgünlerini girizilipdi. Bu düzgünler daşary ýurtlylara erkin girmäge, paçsyz satylýan harytlaryň sanawynyň giňelmegine we işewürlik üçin has amatly şertleriň döremegine mümkinçilik berdi.