Fransiýada ýagyşyň dowamlylygy boýunça täze rekord hasaba alyndy. Ýurtda ýagyş 36 günläp yzygiderli dowam edýär, bu bolsa meteorologik gözegçilikleriň bütin taryhynda iň uzak döwür boldy.
Météo-France gullugynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýyldaky öňki rekord eýýäm yzda galdy. Bu ýylyň fewralyndaky ýagdaý 1959-njy ýyldan bäri iň tapawutly ýagdaý boldy. Käbir sebitlerde adaty mukdardan üç esse köp ýagyş we gar ýagdy we bu derýalardaky suwuň derejesiniň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy.
Uzak dowam edýän güýçli ýagyşlar sebäpli ýurduň dört departamentinde iň ýokary, gyzyl derejeli gözegçlik yglan edildi. Bu Men we Luara, Deňiz boýundaky Şaranta, Žironda hem-de Lo we Garonna degişlidir. Derýalaryň joşmagy sebäpli ýene dokuz sebit hünärmenleriň güýçlendirilen gözegçiligi astyndadyr.
Hünärmenler ýurt boýunça saparlary bu howa şertlerini göz öňünde tutup meýilleşdirmegi we meteorologik gulluklaryň täzelenmelerini yzarlamagy maslahat berýärler.
ORIENT
