5-7-nji iýunda Grodno agzybirligiň we däp-dessurlaryň giň gerimli baýramçylygynyň merkezine öwrüler. Şu ýylky ýubileý festiwal rekord mukdarda gatnaşyjyny — 42 milletiň wekillerini jemlär. Bu öňki festiwala garanyňda alty san köpdür, diýip BELTA habar berýär.
Saýlama tapgyrlary Belarusyň ähli sebitlerinde eýýäm tamamlanyp, 800-den gowrak gatnaşyjy kesgitlenildi. Şu ýyl adaty köp dürli diaspordan başga-da täze öwüşginler goşular: festiwalda ilkinji gezek gabonlylar, ýemenliler, gagauzlar, udmurtlar, türkler we çehler gatnaşmagy meýilleşdirýärler. Daşary ýurtly talyplar bolsa profesional artistler bilen bilelikde çykyş edip, öz ýurtlaryna wekilçilik etmek bilen, baýramçylyga aýratyn hyjuw berer.
Guramaçylar şäher bezeginde birnäçe täzelikleri taýýarladylar. Esasy sahna Lenin meýdançasyna göçüriler, Sowet meýdany bolsa uly belorus howlusyna öwrüler. Şoňa görä-de, festiwalyň ilkinji gününi açýan baýramçylyk ýörişiniň ugry hem üýtgeýär.
Ýerleşişiniň üýtgemegine garamazdan, baýramçylygyň ruhy öňküligine galar. Myhmanlara halk tanslary, gadymy dessurlar we dürli halklaryň meşhur tagamlary bilen rahat milli howlular garaşýar. Şu ýylky ýubileý baýramçylygyň nyşany bolan ýedi reňkli gül öz ýapraklarynda ähli gatnaşyjylaryň nagyşlaryny jemlär.
ORIENT
