10-13-nji fewraly aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyry ýurdumyzyň okuwçylary üçin uly üstünlik bilen tamamlandy. Eminleriň gelen netijelerine laýyklykda, «Oguzrobot» toparyna görkezen innowasion çözgütleri we ýokary tehniki ukyplary üçin Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek halkara robot ýaryşyna gatnaşmak üçin ýörite hukuk (kwota) berildi.
Çempionata dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Hongkongdan, Estoniýadan, Wýetnamdan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Gazagystandan jemi 80-e golaý topar gatnaşdy. Saýlama tapgyryň iň çylşyrymly dört oýnunyň ikisinde ýeňiş gazanan toparymyz, robotyň dizaýny we programmalanyşy boýunça eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Ýeri gelende aýtsak, ýaryşa gatnaşan toparlar Aşgabat şäherindäki 97-nji we 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülip, olar paýtagtymyzdaky «Kämil bilim» okuw merkezinde düýpli taýýarlyk geçdiler.
Geçen ýyl Astanada geçirilen bäsleşikde «Halkara üstünlik» baýragyny alan ýaşlarymyzyň bu ýyl Hytaýa ýollanma gazanmagy, ýurdumyzda STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) biliminiň ýylsaýyn kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
ORIENT
