Aşgabat, 14-nji fewral | ORIENT. Aşgabatda Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň Ýokary ligasynyň çekeleşikleri tamamlandy. Emma gatnaşyjylaryň köpüsi üçin soňky tapgyr möwsümiň ahyry bolan bolsa, ýeňijiler üçin bu uly halkara marafonyň başlangyjydyr. Ýaryşyň jemleri boýunça milli ýygyndynyň özeni düzüldi we olar birnäçe günden soň Podmoskowýede geçiriljek abraýly «Rus küşt täji» festiwalynda ýurduň abraýyny goramaga taýýarlanýarlar.
Podmoskowýe tramplini
Moskwa oblastynda 17–27-nji fewral aralygynda geçiriljek halkara ýaryş ussatlarymyz üçin 2026-njy ýylda ilkinji çynlakaý synag bolar. Bu diňe bir daşary ýurt sapary däl — eýsem dört ýylyň iň möhüm wakasyna, ýagny sentýabr aýynda Samarkand şäherinde dünýäniň küşt elitasyny jemlejek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlygyň strategik tapgyrydyr. Moskwa duşuşyklary ýygyndynyň liderlerine oýun formasyna girmäge we toparlaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Zenan intellekti: öňdebaryjylar we täze açyşlar
Zenanlar derejesinde «şa aýal» adyny Lala Şöhradova tassyklady. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby iki aýlawdan ybarat aralygy bökdençsiz diýen ýaly geçip, 11,5 utuk gazandy. Şeýle-de bolsa esasy gyzyklanma onuň uýasy Leýla Şöhradowa bilen baglanyşykly boldy. Iň ýokary reýtinge (2183) eýe bolan Leýla batyrgaý ädim edip, açyk kategoriýada erkekleriň arasynda çykyş etdi. Ol reýting boýunça faworit hökmünde ýygynda goşulyp, zehiniň gender çäginiň ýokdugyny subut etdi.
Ýaryşyň hakyky açyşy Daşoguzdan 12 ýaşly Dilber Hupbyýewa boldy. Ol ýygynda girmäge diňe bir ädim ýetmän galdy, ýöne onuň tejribeli garşydaşlara garşy görkezýän berk we batyrgaý oýny Türkmenistanyň täze nesliniň islendik belentligi eýelemäge taýýardygyny görkezdi.
Erkekler logikasy: tejribe hyjuwa garşy

Açyk kategoriýada çempionlyk kubogyny mynasyp ýagdaýda Amanmuhammet Hommadow gazandy. Bu ýeňiş ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdyýewiň inçe taýýarlyk işiniň netijesidir. Amanmuhammet bilen bilelikde ýygynda durnukly çykyş edýän Wepaly Halynýazow we tejribeli Şahruh Turaýew hem goşuldy.
Milli topara aýratyn güýç berjekleriň biri hem ýokary reýting esasynda düzüme girizilen ykrar edilen liderler — Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdyýew bolar.
Çempionlaryň mekdebi

Üns bererlik ýagdaý — Ýokary liganyň iki altyn medal eýeleriniň hem paýtagtymyzyň küşt we şaşka mekdebiniň şägirtlerine degişlidigidir. Bu üstünlikleriň diňe zehin däl, eýsem tälimçileriň yzygiderli zähmetiniň netijesidigini görkezýär. Indi tejribe bilen ýaşlygyň bu utgaşygy «Rus täji» synagynda çykyş edip, Samarkand Olimpiadasynyň möhüm başlangyjy bolar.
