Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ylmy-barlag we innowasiýalar boýunça iň iri maksatnamasy — «Horizon Europe» maksatnamasyna gatnaşmagyna bagyşlanan maglumat sessiýasy geçirildi. Çäre ýurduň halkara ylmy dialogy giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň esasy maksady alymlary, mugallymlary we innowatorlary ylmy taslamalary maliýeleşdirmegiň gurallary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Sesssiýanyň hormatly myhmany hökmünde Ýewropa Komissiýasynyň düzüm birliginiň (GSF) wekili Kseniýa Sawçenko çykyş etdi. Gatnaşyjylar maksatnama barada giňişleýin syn aldylar we 2026–2027-nji ýyllar üçin ileri tutulýan ugurlar bilen tanyşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda innowasiýalary grant goldawy arkaly maliýeleşdirmek mehanizmlerine hem-de Merkezi Aziýa üçin möhüm ylmy ugurlara aýratyn üns berildi. Bilermenler we gatnaşyjylar iň gowy tejribeleri paýlaşmak we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny döretmek üçin türkmen alymlaryny dünýä ylmy jemgyýetine goşmak mümkinçiliklerini öwrendiler.
Maksatnama işjeň gatnaşmak ösüşe we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda şeýle duşuşyklaryň guralmagy ýaş hünärmenlere halkara bilermenler bilen göni aragatnaşyk saklamaga hem-de milli ylymy ösdürmekde dünýäniň iň gowy tejribelerini peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
ORIENT
