||
Duşenbe güni irden Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň baş sekretary Si Szinpin Pekindäki Innowasion maglumat Tehnologiýalary parkyna baryp gördi.
Parkda Si Szinpin maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy we innowasiýalary bilen tanyşdy, şeýle hem Pekiniň halkara ylmy-tehniki innowasiýa merkeziniň ösüşini çaltlandyrmak ugrunda alyp barýan tagallalary barada maglumat aldy.
Si Szinpin ylmy-tehniki innowasiýalaryň netijelerini görkezýän ekspozisiýany gözden geçirip, alymlar hem-de ylmy-tehniki kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş boldy.