Hytaýda Täze ýyl syýahat möwsüminiň ilkinji hepdesinde 1,4 milliarddan gowrak ýolagçy gatnawyna garaşylýar
2026-njy ýylyň Hytaý Täze ýylynyň bellenilmegi bilen bagly ýolagçy gatnawlarynyň iň ýokary döwrüniň ilkinji hepdesinde ýurt boýunça sebitara ýolagçy syýahatlarynyň 1,413 milliarddan gowragy amala aşyrylar diýlip garaşylýar. Bu barada Hytaýyň Ulag ministrligi habar berdi.
Ministrligiň baha bermegine görä, welaýatlaryň arasynda her gün ortaça 200 milliondan gowrak ýolagçy gatnawy bolar, bu bolsa geçen ýylyň degişli görkezijisinden takmynan 2 göterim ýokarydyr.
Hytaý Täze ýyly 2026-njy ýylda 17-nji fewralda bellenilýär. Resmi baýramçylyk dynç günleri dokuz gün dowam eder, ýolagçy gatnawlarynyň ýokary depgindäki umumy döwri bolsa däp boýunça «Çunýun» diýlip atlandyrylyp, 13-nji marta çenli dowam eder.
Bu döwürde Hytaýyň dogduk ýerlerinden daşda işleýän, okaýan ýa-da ýaşaýan millionlarça raýaty ýurduň iň möhüm däp bolan baýramyny maşgalasy bilen bilelikde bellemek üçin öýlerine tarap ýola düşýärler.
Demir ýol ulagynda ýolagçy akymynyň artmagy eýýäm hasaba alynýar. Ýekşenbe güni ýurt boýunça takmynan 13,25 million ýolagçy gatnawyna garaşyldy, artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen bolsa goşmaça 1 688 ýolagçy otlusynyň gatnawy meýilleşdirildi.
Umuman alanyňda, şahsy awtoulaglarda amala aşyrylýan syýahatlar agdyklyk edýär. Iň ýokary gatnaw möwsüminiň başlany bäri ýol hereketi geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 2,1 göterim artdy.
Raýat awiasiýasy ulgamynda hem ep-esli ösüş bellenilýär. Ýekşenbe güni Hytaýyň awiakompaniýalarynyň takmynan 19 614 uçar gatnawynda 2,39 million ýolagçyny gatnatmagyna garaşylýar, bu bolsa ýyllyk hasapda 7,5 göterim ýokarydyr.