Urugwaýyň Prezidenti Ýamandu Orsi, özüniň Hytaýa ýedi günlük döwlet saparynyň çäginde, hepdäniň penşenbe güni Şanhaýyň Ýuýuan bagyna gezelenç etmek bilen, Hytaýyň ýetip gelýän Bahar baýramynyň öňüsyrasynda baýramçylyk ruhuna gaplanan gurşawyň lezzetini duýdy.
Köpleriň söýgüli ýerine öwrülen bu bagda Prezident Ýamandu Orsi şu ýylyň 17-nji fewralynda belleniljek Hytaý Täze ýyly diýlip atlandyrylýan Bahar baýramynyň yşyk bezeglerine haýran galyjylyk bilen syn etdi.
Prezident Ýamandu Orsi öz wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, deňiz gämisinde Şanhaýyň Huanpu derýasynyň boýunda ýerleşýän gözel görnüşlerden lezzet aldy.
“Bu sapar mende şeýle ajaýyp duýgy galdyrdy: Men indi haçan gelip bilerin? Ajaýyp, gutlaýaryn!” diýip, Ýamandu Orsi myhmanlar kitabynda galdyran ýazgysynda beýan etdi.
Şanhaý şäheri Prezident Ýamandu Orsiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça 1-nji – 7-nji fewral aralygynda Hytaýa amala aşyrýan bir hepdelik döwlet saparynyň ikinji duralgasydyr. Urugwaýyň Prezidenti Ýamandu Orsi hepdäniň sişenbe güni Pekinde Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi, iki tarap dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar.