Hytaýyň gündogaryndaky Fuszian welaýatynyň suwlarynda dünýäde ilkinji 20 megawattlyk elektrik energiýasyny öndürýän deňiz ýel turbinasy energetika ulgamyna birikdirildi. Bu ädim Hytaýyň gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynyň ösdürilmeginde wajyp tapgyr boldy diýip, “China Three Gorges Corporation” kompaniýasy habar berdi.
Deňiz kenaryndan 30 kilometr uzaklykda, 40 metr deňiz çuňlugynda ýerleşdirilen bu ýel turbinasynyň beýikligi 174 metre, rotorynyň diametri bolsa 300 metre barabardyr. Özüniň doly kuwwatynda işlän ýagdaýynda, bu turbina ýylda 80 million kilowatt-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçiligi bolup, 44 müňe golaý hojalygy elektrik energiýasy bilen üpjün edip biler hem-de 22 müň tonna kömür sarp edilişiniň öňüni alar. Bu kompaniýanyň bellemegine görä, häzirki wagtda giňden ulanylýan 13 megawattlyk deňiz ýel turbinasy bilen deňeşdirilende, bu täze model şol bir möçberdäki elektrik energiýasyny öndürmek üçin deňiz giňişliginde 30 göterim az meýdany tutup, gurluşyk we gurnama çykdajylaryny 25 göterime çenli azaldýar.
Bu taslama ýerli şertlerde öndürilen ganatly tehnologiýalary, ýeňilleşdirilen gurluşy we sanly ulgamlary öz içine alýar. Bu bolsa ulanylýan ýeliň netijeliligini ýokarlandyryp, Hytaýyň deňiz ýel energetikasyny has çuň we uzak sebitlere giňeltmekde tehnologiki mümkinçilikleri döredýär.