AMD kompaniýasynyň baş direktory Liza Su kompaniýanyň ösüşi boýunça uly maksatlaryny beýan etdi. Ýakyn ýyllarda emeli aň (EA) ugry on milliardlarça dollar girdeji getirmeli. Munuň esasy sebäpleriniň biri — OpenAI bilen işjeň hyzmatdaşlyk bolup, kompaniýa üçin uly möçberdäki üpjünçilikler eýýäm şu ýylyň ikinji ýarymynda başlanar.
Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy 10 EA kompaniýasynyň 8-si AMD-niň Instinct maşgalasynyň çözgütlerinden peýdalanýar. Geçen çärýekde EPYC prosessorlary hem rekord netijeleri görkezdi we AMD-niň bulut hem-de korporatiw bazarlardaky ornuny has-da berkitdi. Täze nesil Instinct MI455 tizlendirijileri esasan taýýar serwer ulgamlarynyň düzüminde iberiler.
Üstünliklere garamazdan, kompaniýa Hytaý bazary boýunça çaklamalarda ätiýaçly çemeleşýär. Söwda ýagdaýynyň durnuksyzlygy sebäpli AMD HHR-e tizlendirijileriň mümkin bolan satuwlaryny geljek meýilnamalaryna goşmaýar, emma geçen çärýekde olar kompaniýa 300 million dollardan gowrak girdeji getirdi.
Geljek bäş ýylda AMD-niň ýolbaşçylygy umumy girdejini ýylda 35%-den gowrak ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Önüm ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin kompaniýa eýýäm hyzmatdaşlary bilen bilelikde önümçilik möçberlerini artdyrýar. Bu bolsa bazar üçin AMD-niň neýrotorlar eýýamynda pudagyň liderleri bilen bäsleşmäge taýýar bolandygyny görkezýän möhüm duýduryşdyr.
ORIENT
