Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Hytaýyň Täze ýyly
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

APEC ýurtlary durnukly ykdysady ösüşi goldamak boýunça tagalla edýär

06.02.2026|19:15|
121
Surat çeşmesi: orient.tm

Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygyna (APEC) girýän ýurtlaryň maliýe pudagynyň resmi wekilleri we merkezi banklaryň orunbasarlary hepdäniň çarşenbe we penşenbe günleri Hytaýyň Şanhaý şäherinde duşuşyk geçirdiler we sebitde ykdysadyýetiň durnukly ösüşini goldamak boýunça özara pikir alyşdylar.

Bu iki günlük duşuşykda 2026-njy ýyl üçin maliýe we pul-karz ugurlary boýunça Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygyna girýän ýurtlaryň iş meýilnamasy kabul edildi. Şeýle hem bu ýurtlaryň maliýe we ykdysadyýet pudaklarynyň ýaş hünärmenleri üçin alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk taslamasy tassyklanyldy.

Hytaýyň maliýe ministriniň orunbasary Liao Min bu duşuşyga ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda dünýädäki we sebitdäki ykdysadyýet we maliýe meseleleri, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça maliýe syýasatlary, sanly infrastrukturanyň maliýeleşdirilişi we inklýuziw maliýeleşdirme ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Liao Min özüniň çykyşynda, söwda syýasatynyň näbelliligi, uly ýaşly ilatyň sanynyň artmagy we berlen karz möçberiniň köpelmegi ýaly kynçylyklara garamazdan, Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti dünýä ykdysadyýetiniň möhüm hereketlendiriji güýji bolup galýandygyny belledi.

Ol Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygyna girýän ýurtlary köp taraplaýynlygy goldamaga, makro syýasatlary utgaşdyrmaga, sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga we maliýe durnuklylygyny pugtalandyrmaga çagyrdy. Bu tagallalar sebitde durnukly ykdysady ösüşi we Aziýa-Ýuwaş ummany jemgyýetini gurmaga ýardam berer diýip, Liao Min aýtdy.