Barselonada geçirilen ISE 2026 sergisinde Samsung kompaniýasy ýörite äýnekler talap edilmeýän innowasion Spatial Signage 3D-ekranlaryny tanyşdyrdy. CES 2026 Innovation Award baýragy bilen eýýäm sylaglanan bu tehnologiýa esasan täjirçilik pudagyna — bölek satuw, muzeýler we korporatiw ofisler üçin niýetlenendir.
Enjamlaryň binýadynda patentlenen 3D Plate tehnologiýasy ýatyr. 4K durulykly 85 dýuýmlyk panel harytlary 360 dereje görnüşde görkezmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa müşderileriň ünsüni has köp çekip, wizual täsiriň hasabyna satuwy göni artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem, displeýler adaty berkidiji kronşteýnlere gurnalyp bilinýär, bu bolsa nusgawy golografiki witrinalar bilen deňeşdirilende gurnama çykdajylaryny ep-esli peseldýär.

Esasy gurallaryň biri hökmünde bulut esasly AI Studio hyzmaty hödürlenýär. Emeli aňyň kömegi bilen ulgam adaty suratlary 3D-wideo şekillerine öwürýär. Bu bolsa iri söwda torlaryna çylşyrymly wizual materiallary döretmek üçin daşarky hünärmenleri çekmezden, mazmun öndürmek çykdajylaryny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, Samsung The Wall atly uly formatly ekranlaryň hataryny 146 dýuýma çenli giňeltdi. Cisco tarapyndan şahadatnamalaryň alynmagy bu panelleri professional wideoaragatnaşyk ulgamlary bilen doly utgaşykly ilkinji LED-displeýlere öwürdi. Samsung-yň sanly mahabat panelleri bazarynda 17 ýyl bäri öňdebaryjy orny eýeleýändigini göz öňünde tutmak bilen, täze standartlaryň ornaşdyrylmagy hem-de gurnama wagtynyň iki sagada çenli gysgaldylmagy kompaniýanyň B2B-pudagyndaky bäsdeşlik artykmaçlygyny has-da güýçlendirýär.
ORIENT
