Bișkek, 5-nji fewral | ORIENT. Bișkekde geçirilen iki günlük işewürlik we diplomatiýa marafony Merkezi Aziýa üçin gün tertibinde täze ugurlaryň emele gelmegi bilen tamamlandy. Waşingtonyň sebit üçin «maýa goýum bitewüligi» strategiýasyny öňe sürýän wagtynda, Türkmenistan tehnologiki ägirtler bilen göni gepleşikleri alyp barýar.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow «Starlink» (SpaceX) Global ygtyýarnama boýunça direktory Rebeka Hanter bilen duşuşyk geçirdi. «Gepleşikleriň dowamynda sanly tehnologiýalar, telekommunikasiýa we döwrebap hemra aragatnaşyk ulgamlaryny ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we uzak möhletleýin, özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi» — diýip, Türkmenistanyň DIM-niň bu baradaky habarynda aýdylýar.
Türkmen wekiliýeti B5+1 meýdançasyny Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) girmegiň ýol kartasyny öňe sürmek üçin hem peýdalandy. Amerikan işewür toparlary bilen geçirilen tegelek stolda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we hususy pudagy goldamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabat üçin B5+1 formady — bu maýa goýumlaryny çekmegiň, şol bir wagtyň özünde hem özygtyýarlylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny saklamagyň usulydyr.

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor Waşingtonyň täze strategiýasyna aýdyňlyk girizdi. Onuň sözlerine görä, «resmi kagyzlaryň» döwri hususy telekeçiligiň döwrüne orun berýär. Şeýle-de Serjio Gor Merkezi Aziýany Günorta Kawkaz arkaly dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrjak «Parahatçylyk we rowaçlyk ulag geçelgesi» taslamasyny goldady.
Bilermenleriň bellemegine görä, B5+1 formady «tranzaksion diplomatiýanyň» guralyna öwrüldi. Bu indi diňe dostluk hakda gürrüňler däl, eýsem üç esasy ugra gönükdirilen anyk hyzmatdaşlykdyr: strategiki taýdan möhüm minerallar (ABŞ sebit serişdelerine elýeterlilik gözleýär), üpjünçilik zynjyrlary, emeli aň we elektron söwda.

Bișkekde geçirilen forum sebitiň ählumumy bazaryň düzgünleri boýunça oýnamaga taýýardygyny görkezdi. Eger 2024-nji ýylda geçirilen Almaty forumynyň 21 maslahatyny «öý işi» diýip atlandyrmak mümkin bolsa, onda 2026-njy ýyldaky gepleşikler — bu eýýäm iri amerikan korporasiýalarynyň gyzyklanmasy bilen berkidilen, tehniki taýdan esaslandyrylan taslamalara geçilýändigini görkezýär.
