
Apple kompaniýasy şu ýaz paslynda professional noutbuklarynyň hataryny giň gerimde täzeläp, täze modelleri hödürlemegi meýilleşdirýär. Garaşylmagyna görä, M5 Pro we M5 Max prosessorlaryna esaslanýan täze MacBook Pro modelleri 2026-njy ýylyň mart aýynda resmi taýdan tanyşdyrylar.
Esasy tehniki täzelik hökmünde çipleri gaplamakda häzirki zaman tehnologiýasy bolan TSMC SoIC ulgamyna geçilmegi görkezilýär. Bu tehnologiýa prosessorlary aýratyn funksiýaly bloklardan ýygnamaga mümkinçilik berýär. Şeýle çemeleşme diňe bir ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrman, eýsem düzüm bölekleriň umumy gymmatlanmagy şertlerinde önümçilik çykdajylaryny gözegçilikde saklamaga hem kömek edýär.
Deslapky bahalandyrmalara görä, öndürijilik derejesiniň ýokarlanmagy örän täsirli bolar. M5 Pro çipiniň prosessor bölegi öndürijilik boýunça häzirki wagtda iň güýçli hasaplanýan M4 Max çipinden hem öňe geçip biler. Täze platformalaryň grafiki mümkinçilikleri 30–40% aralygynda artar, bu bolsa wideo, 3D-grafika we neýrotorlar bilen professional derejede işleýänler üçin aýratyn möhüm bolup durýar.
Ulanyjylar üçin bu anons ýylyň birinji çärýeginde örän güýçli iş guralyny edinmek mümkinçiligini aňladýar. Şol bir wagtyň özünde, Apple kompaniýasynyň tehnologik ösüş tizligi ýokary derejede saklanýar: ýylyň ahyryna çenli M6 çipleriniň indiki nesline esaslanýan ilkinji enjamlaryň peýda bolmagy hem ähtimal.
Birnji çärýekde MacBook Pro-nyň çykarylmagy Apple kompaniýasynyň innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça tizligi artdyrmaga çalyşýandygyny tassyklaýar. Täze modeller öň diňe iň gymmat we aýratyn konfigurasiýalarda elýeterli bolan tizlik derejesini hödürlär.
ORIENT