Hytaýyň ýokary derejeli diplomaty Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bilen duşuşdy
Hepdäniň ýekşenbe güni Hytaýyň ýokary derejeli diplomaty Wan Ýi Pekinde Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgu bilen duşuşyk geçirdi.
Wan Ýi Hytaý bilen Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary hökmünde strategik gatnaşyklary pugtalandyrmagy, köptaraplaýynlygy goldamagy we Birleşen Milletler Guramasyndan ugur alýan halkara ulgamy gorap saklamagy nygtady. Şeýle hem ol iki ýurduň baştutanlarynyň gazanan ylalaşyklaryna laýyklykda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga Hytaýyň taýýardygyny aýtdy hem-de möhüm milli bähbitlere degişli meselelerde birek-birege goldawyň möhümdigini belledi.
Sergeý Şoýgu şu ýyl Russiýa bilen Hytaýyň Golaý Goňşuçylyk we Dostlukly Hyzmatdaşlyk baradaky Şertnamasynyň gol çekilmegine 25 ýyl dolýandygyny aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, ynam etmek, deňhukuklylyk we özara peýda ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Ol Russiýanyň “bir Hytaý” ýörelgesine berk ygrarlydygyny tassyklap, Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we BRICS ýaly halkara hyzmatdaşlyk meýdançalarynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara we sebit derejesindäki özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.