Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Urugwaýyň prezidenti Ýamandu Orsi ýekşenbe güni irden Pekin halkara howa menziline gelip, Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaýa ýedi günlük döwlet saparyna başlady.
Bu Orsiniň Hytaýa amala aşyran ilkinji döwlet saparydyr.
Saparyň dowamynda HHR-niň başlygy Si Szinpin onuň bilen Hytaý bilen Urugwaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy boýunça ýokary hilli hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmak maksady bilen gepleşikleri geçirer diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrligi habar berdi.