
2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Google kompaniýasy Chrome brauzeriniň giň gerimli täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme internetde adaty web-serfingi düýpden üýtgedýär. Täzelenmäniň esasy elementi — brauzeriň içinde gönüden-göni çylşyrymly meseleleri ýerine ýetirip bilýän Gemini 3 modeline esaslanýan emeli aň agentidir. Bu “agent internetine” tarap möhüm ädim bolup, programma diňe sahypalary görkezmän, eýsem wagty tygşytlamaga işjeň kömek edýär.
1. Gemini akylly gapdal paneli
Indi Gemini çat-boty gapdal panelde hemişelik ýerleşdirildi we islendik açyk sahypanyň üstünden elýeterlidir. Ol açyk sahypanyň mazmunyny “görýär”: siz ondan uzyn makalany dessine gysgaça beýan etmegini, dürli sahypalardaky harytlaryň bahalaryny deňeşdirmegini ýa-da satyn alnan biletleriň maglumatlaryna esaslanyp syýahat meýilnamasyny düzmegini sorap bilersiňiz.
2. Nano Banana arkaly grafika bilen işlemek
Brauzere Nano Banana atly güýçli emeli aň şekil generatory birleşdirildi. Indi sahypadaky suraty redaktirlemek üçin ony enjamyňyza ýüklemegiňiziň zerurlygy ýok. Suraty diňe gapdal paneline geçirip, degişli buýrugy bermek ýeterlikdir: mysal üçin, Pinterest-den alnan interýer suratynyň stilini üýtgetmek ýa-da sahypadaky maglumatlara esaslanyp infografika döretmek.
3. Google hyzmatlary bilen integrasiýa
Gemini Gmail poçtasyna, senenama we kartalara göni giriş aldy. Chrome interfeýsiniň içinde emeli aň gerekli uçar gatnawyny tapyp, onlaýn dükanda sargyt edip ýa-da şahsy hat alyşmalaryňyzdan we tertipnamalaryňyzdan alnan maglumatlara esaslanyp iň amatly ugry düzüp biler.
4. Auto Browse awtonom agenti
Iň uly täzelik — Auto Browse kömekçisidir. Ol anketalary özbaşdak dolduryp, kapçalary geçip, abunalary resmileşdirip, hatda ýaşaýyş jaýlaryny hem gözläp bilýär. Agent harytlary deňeşdirip, ulanyjy tarapyndan kesgitlenen býujetiň çäginde sebede goşmagy başarýar.
Möhüm: Auto Browse funksiýalary häzirki wagtda diňe ABŞ-da tölegli tarifleriň (AI Pro we Ultra) abonentleri üçin elýeterlidir. Howpsuzlyk maksady bilen ähli tölegler ýa-da resminamalaryň gol çekilmegi ulanyjynyň soňky tassyklamagyny talap edýär.
Täzelenme eýýäm macOS, Windows we Chromebook Plus ulgamlarynda ýaýrap başlady. Täze emeli aň gurallaryny işjeňleşdirmek üçin brauzeriň sazlamalaryny barlaň.
ORIENT