Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

30.01.2026|22:35|
49
turkmenistanda-sanly-ykdysadyyeti-osdurmegin-20262028-nji-yyllar-ucin-dowlet-maksatnamasy-tassyklanyldy
Surat çeşmesi: orient.tm

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, häzirki döwürde ýokary tehnologiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu Konsepsiýa ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmäge we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ulanyjylara hyzmatlaryň hilini täze derejä çykarmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, häzirki wagtda dünýäde innowasion tehnologiýalaryň, döwrebap çözgütleriň günsaýyn ösýändigini hem-de yzygiderli täzelenip durýandygyny nazara alyp,Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Meýilnamada sanly ykdysadyýete geçmek, «Elektron hökümet» ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, bu ugurlarda hereket edýän kanunlary we kadalaşdyryjy namalary döwrebaplaşdyrmak, Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak, pudaklarda emeli aň, blokçeýn we zatlaryň interneti (IoT) bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak we hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary goldamak hem-de höweslendirmek bilen bagly amala aşyrylmaly işleriň ugurlary, ýerine ýetirijileri we möhletleri bellenildi.

Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi maglumat tehnologiýalary ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, programma üpjünçiliginiň eksportyny ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny milli «bulut» hasaplaýyş tehnologiýalary (Data-center) arkaly täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. «bir penjire» ulgamynda sanly hyzmatlaryň sanynyň artdyrylmagy bolsa döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrar.