19-njy ýanwar - 2-nji fewral aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy A. Seýitberdiýewa hem-de institutyň talyplary «Feel Korea! with KNU» atly gysga möhletli okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar. Okuw Günorta Koreýanyň Kangwon milli uniwersitetiniň binýadynda Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilýär.
Bu tejribe okuwy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy. Saparyň esasy maksady — dil boýunça amaly aragatnaşyk başarnyklaryny ösdürmekdir. «Pedagogika bilimi» ugry boýunça okaýan talyplar her gün geçirilýän sapaklara gatnaşyp, dilden we ýazmaça sözleýiş endiklerini kämilleşdirýärler; koreý dilinde gündelik aragatnaşygy pugtalandyrýarlar; çylşyrymly sözleriň ýazuw aýratynlyklaryny öwrenýärler.
Maksatnama Koreýa Respublikasynyň milli muzeýlerine baryp görmek hem-de ýurduň tebigy gözel ýerleri bilen tanyşmagy hem öz içine alýar. Taryhy miras we halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen göni aragatnaşyk geljekki dilçi hünärmenlere öwrenilýän diliň inçe aýratynlyklaryna has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.
Tebigy dil gurşawynda alnyp barylýan okuw dili çalt özleşdirmek üçin güýçli itergi berýär. Şeýle halkara tejribesi talyplaryň dünýägaraýşyny giňeldýär we olaryň dünýä derejesindäki ýokary derejeli hünärmenler hökmünde kemala gelmegine ýardam edýär.
ORIENT
