
Aşgabadyň zehinli ýaşlary paýtagtyň medeni durmuşyny özgerdýärler. Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, wiolonçelist Annaoraz Döwletow tarapyndan döredilen «Owaz» orkestri saz äleminiň täze nokadyna öwrüldi. Bu şäheriň saz durmuşyna gelen «täze gan» — entek resmi debýutyndan öň hem döredijilik gurşawynda uly gyzyklanma döretmegi başaran dostlaryň we pikirdeşleriň batyrgaý taslamasydyr.
Sazandalar eýýäm fewral aýynda ilkinjisi gezek geçiriljek birnäçe konsertleri meýilleşdirýärler. Biz orkestriň ýolbaşçysy Annaoraz Döwletowyň özünden bu barada giňişleýin gürrüň bermegi haýyş etdik.
— Öz orkestriňi döretmek — bu solist üçin elmydama uly çagyryş. Sizi muňa näme iterdi?
— Wiolonçel örän ajaýyp, ol adam sesine iň ýakyn gural, ýöne onuň öwüşginleriniň çägi bar. Orkestr bolsa — bu ägirt uly, köp sesli guraldyr. Meniň üçin bu ýerine ýetirijiniň rolyndan ses giňişliginiň ahritektoryna geçmekdir. Haýsydyr bir pursatda orkestr bilen işlemek — bu mugallymçylyk sungatynyň iň ýokary derejesidigine düşünýärsiň. Bu ýerde sen diňe bir sazy teswirlemän, eýsem onlarça professionalyň bitewi pikirlenişini gurýarsyň. Bu esere bolan garaýşyňy iň uly ownuklyklaryna çenli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
— «Owazyň» düzüminde ýyldyzlar bar. Şeýle zehinli «ýygyndy» topary nähili jemläp bildiňiz?
— Halk köpçüligi üçin olar — baýraklaryň eýeleri we ýyldyzlar, emma meniň üçin — dostlar, olaryň käbirleri bilen talyplyk ýyllarym we hatda çagalygym bile geçdi. Men pikirimi paýlaşanymda, olar ony dessine goldadylar. Olaryň arasynda, öz pikirleri bilen maňa kömek edenlerini höwes bilen aýratyn bellemek isleýärin. Olar Ogulgerek Soltanmyradowa, Aýlar Botaýarowa, Ogulsona Ýazowa, Selbi Ýagşyýewa, Jennet Hudaýgulyýewa.
— Eger orkestriň tutuş düzümi dostlardan we deň-duşlardan ybarat bolsa, onda taýýarlyk tapgyry nähili geçýär? Elbetde, gatnaşyjylaryň her birinde köp sanly döredijilikli pikirler bardyr. Siz nähili ylalaşýarsyňyz? Ýa-da şonda-da ýolbaşçynyň abraýy jedelsiz kabul edilýärmi?
— Biziň orkestrimiziň esasy aýratynlygy hem şunda — bizde dirižýor ýok. Biziň synpdaş we topardaş bolmagymyz bolsa bir-birimizi has gowy düşünmäge diňe kömek edýär. Sebäbi biz ählimiz bir nesliň wekilleri, şonuň üçin hem bir dilde gürleşýäris.

— Siziň 7-nji fewraldaky ilkinji çykyşyňyz Jemal Muhammedowanyň ýadygärligine bagyşlanýar. Bu barada barada aýdyp beräýseňiz?
— Jemal Muhammedowa menin üçin diňe bir wiolonçel boýunça mugallymy bolman, eýsem, durmuş ýolumy ýagtylandyran şamçyrakdy. Bu konsert — maňa elmydama ynanan, diňe bir saz däl, eýsem durmuşdaky kynçylyklarymy çözmäge-de kömek eden halypama «sag bolsun» aýtmagyň usulydyr. Men oňa çäksiz minnetdar. Bu gün ol aramyzda ýok. Eger aramysda bolan bolsa öz şagirtlerine buýsanardy diýip umyt edýärin.
Maksatnamamyza biz onuň aýratyn gowy gören eserlerini goşdyk. Şeýle-de, bize «Älemgoşar» çagalar hory hem goşular — nesilleriň dowamatlylygy biziň üçin örän möhümdir.
— Konsertiň maksatnamasy dürli-dürli: Albinoniniň barokko sazyndan başlap, Jon Wilýamsyň kino sazlaryna we Agajykowyň klassikasyna çenli. Munuň sebäbi näme?
— Biz saz dünýäsiniň geografiyasyny we kamera düzüminiň mümkinçiliklerini görkezmek isledik. Bu dürli döwürleriň we dürli ruhy ýagdaýlaryň sazy bolup, olar zaly birleşdirýär. Ähli çakylyklaryň entek taýýarlyk döwründe gutarandygyna seretsek, diňleýjiniň hut şu hili janly we duýguly köpdürlüligi küýsändigini görse bolýar.
— Hatda köp wagtdan bäri bar bolan orkestrlarada zallary doly ýygnamak kyn düşýär.
— Bu ýerde sarafan radio ýörelgesi işledi. Ähli zat täze orkestri döretmek üçin resminamalary taýýarlap başlan pursadymyzdan başlandy. Her kim eýýäm täze we gyzykly bir zadyň taýýarlanýandygyndan habardardy. Afişany çykaryp, konsertiň gününi bellänimizden soň bolsa, bary-ýogy 3-4 günüň içinde ähli çakylyklar alyndy.
— Görnüşinden, «Owaz» — bu diňe bir at däl-de, eýsem siziň toparyňyzyň içki sazlaşygynyň ýörelgesi. Premýeradan soň, diňleýjileri nähili ýygylykda begendirmegi meýilleşdirýärsiňiz?
— Gowy depginde işlemäge çalşarys. Biz her bir möhüm waka üçin aýratyn maksatnamalary taýýarlamagy meýilleşdirýäris. 7-nji fewraldaky premýeradan soň, mart aýyndaky konsertiniň taýýarlygyna başlarys. Elbetde, ol 8-nji mart baýramyna bagyşlanar: türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň iň gowy eserlerini ýerine ýetireris, şeýle hem myhmanlarymyz üçin aýratyn saz sowgatlaryny taýýarlaýarys.
— Söhbetdeşligiňiz üçin sag boluň, ilkinji çykyşyňyzyň şowly bolmagyny arzuw edýäris! «Owaz» paýtagtymyzyň medeni durmuşynda aýdyň we özboluşly sese öwrüljekdigine ynanýarys.
Aýna ŞIROWA
