ÝB-niň uglerod salgydy üçin «adatdan daşary tormozy»: türkmen eksport edijileri nämeleri bilmeli

BIZNES | ORIENT. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Ýewropa Bileleşiginiň uglerod taýdan sazlaşdyrma guraly (CBAM — Carbon Border Adjustment Mechanism) doly ýerine ýetiriliş tapgyryna geçdi. Bu bolsa sement, polat ýa-da dökünler ýaly uglerod sarp edilişi ýokary bolan önümleri ÝB-e import etmek üçin hakyky maliýe tölegleriniň ýakyn wagtda giriziljekdigini aňladýar. Emma ýanwar aýynda Ýewrokomissiýa köp eksport edijiler üçin «halas ediji halka» bolup biljek 27a maddasynyň taslamasyny hödürledi.
«Adatdan daşary tormozy» näme? (27a maddasy)
ÝB uglerod salgydynyň birden girizilmeginiň ýaşaýyş jaýyndan başlap çörege çenli ähli zatlaryň bahasyny ýokarlandyryp biljekdigine düşünýär. Täze kadalaşdyryş Brýussele aşakdaky ýagdaýlarda önümleri wagtlaýyn uglerod salgydyndan boşatmaga mümkinçilik berýär: ÝB bazarlarynda bahalar duýdansyz we çalt ýokarlandy; Içerki ykdysadyýete «çynlakaý we öňünden garaşylmadyk zyýan» ýetirildi.
Munuň Turkmenistan üçin ähmiýeti nämede?
Türkmenistan CBAM-nyň «gyzyl zolagyna» girýän önümleriň eksportyny işjeň ösdürýär.
Dökünler we ammiak: Bu himiýa pudagyndaky esasy eksport ugurlarymyzyň biridir. ÝB-niň iri ýurtlary — Fransiýa we Italiýa — eýýäm öz daýhanlaryny goramak maksady bilen import edilýän dökünleri uglerod ýygymlaryndan boşatmagy talap etdiler. 27a maddasy muny çalt we kanuny taýdan amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Sement we gurluşyk materiallary: Ýewropada giň gerimli gurluşyk işleri barha güýçlenýän şertlerinde türkmen sementine bolan isleg artyp biler. Eger ÝB-niň içinde bahalar elýetmez derejä çyksa, uglerod salgydy wagtlaýynça aýrylyp bilner.
Esasy garaşylmadyk ýagdaý: Kanun «geçen günüň senesi bilen» hereket edip biler
27a maddasynda retroaktiw guraly göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, Ýewrokomissiýa haýsydyr bir önüme girizilen salgydy iýun aýynda ýatyrsa-da, bu kararyň ýanwar aýyndan güýje girip biljekdigini aňladýar.
Işewürlik üçin möhüm: Eger ÝB-de import ediji türkmen karbamidi üçin CBAM-şahadatnamalaryny (salgydy) eýýäm satyn alan bolsa, emma soňra bu önüm salgytdan «geçen günüň senesi bilen» boşadylsa — tölenen serişdeler gaýtarylyp berilmeli.
Türkmen kompaniýalary üçin maslahatlar:
2026-njy ýyl — diňe uglerod zyňyndylary boýunça hasabat berilýän soňky ýyl. 2027-nji ýyldan başlap hakyky maliýe tölegleri başlanar.
Çeýe şertnamalar: Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen baglaşylýan şertnamalarda 27a maddasynyň işjeňleşdirilen halatynda bahalaryň täzeden seredilmegini göz öňünde tutuň.
Aýdyň hasabat: Salgyt ýatyrylsa-da, bazara çykmak üçin «uglerod yzy» boýunça maglumatlar hökmany bolar. Brýusseliň monitoringi: Ýewroparlamentiň habarlaryny yzygiderli yzarlaň. «Ýeňillikli» önümleriň sanawy çalt üýtgäp biler.
Çek-list: 2026-njy ýylda ÝB bilen işlemäge eksport bölümiňiz taýynmy?
Aşakdaky maddalar boýunça özüňizi barlaň — önümiňiz Ýewropa bazaryndan «daşarda galmazmy»:
1. HS Code kodlarynyň monitoringi: Önümiňiz häzirki CBAM sanawyna girýärmi? Bu sanaw ýylyň ortalaryna çenli giňeldilip bilner.
2. «Uglerod yzynyň» auditi: Önümçilik döwründe göni we gytaklaýyn zyňyndylar boýunça maglumatlaryňyz barmy? 2026-njy ýyldan başlap bu sanlar bolmazdan ÝB hasabaty kabul edilmez.
3. Hukuk çeýeligi: Şertnamalarda CBAM-şahadatnamalarynyň tölegini kimiň çekýändigi görkezilenmi — sizmi ýa-da ýewropaly alyjy? (27a maddasynyň işjeňleşdirilen halatynda bahany täzeden gözden geçirmek baradaky bendi girizmegi maslahat berýäris).
4. Akkreditirlenen werifikasiýa: ÝB tarapyndan ykrar edilýän barlaghanalar ýa-da bilermenler bilen hyzmatdaşlygyňyz barmy?
5. Maliýe ätiýaçlygy: 2027-nji ýylyň býujetinde CBAM-şahadatnamalaryny satyn almak üçin serişdeler göz öňünde tutuldymy? («adatdan daşary tormozy» önümiňiz üçin işjeňleşdirilmedik ýagdaýynda).