2025-nji ýylyň jemleri boýunça Belarusda bölekleýin söwda dolanyşygy 6,6% ýokarlanyp, 102,9 milliard rubla ýetdi. Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, ýurtda sarp edijilik işjeňligi artmagyny dowam etdirýär, bu bolsa raýatlaryň çykdajylarynda we dükanlaryň işinde öz beýanyny tapýar diýip, BELTA habar berýär.
Iň düşnükli görkezijileriň biri — gündelik çykdajylardyr. 2025-nji ýylda ýurduň her bir ýaşaýjysy ortaça günde dükanlarda 30,9 rubl sarp etdi. Deňeşdirmek üçin aýdanyňda, geçen ýylda bu görkeziji 27,5 rubl bolupdy. Şeýle ösüş adamlaryň has ýygy-ýygydan satyn almaga we söwda nokatlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga başlandygyny görkezýär.
Ykdysadyýete esasy goşandy uly söwda guramalary goşdy, olaryň paýyna ähli satuwlaryň 95%-den gowragy düşýär. Bu guramalaryň ýyllyk dolanyşygy 7,2% artdy. Köpçülikleýin iýmitleniş ulgamy hem oňyn ösüş görkezdi: restoranlaryň we kafeleriň girdejisi 5,1% ýokarlanyp, 7,4 milliard rubla ýetdi.
Az-kem peselme hasaba alnan ýeke-täk pudak lomaý söwda boldy — onuň görkezijileri geçen ýylyň derejesiniň 95,1%-ine deň boldy. Şeýle-de bolsa, bölekleýin söwdadaky umumy ösüş ilatyň ýokary satyn alyjylyk ukybyny we içerki bazaryň durnukly işleýändigini tassyklaýar.
ORIENT
