Argentina ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň çäginde kosmosy öwrenmek ugrunda taryhy ädim ädýär. Argentinanyň Atenea (Afina) atly kiçi hemrasy NASA-nyň Artemis II atly Aý missiýasy bilen bilelikde orbita çykarylar. TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu taslama ýurduň öňdebaryjy ylmy institutlaryny we uniwersitetlerini birleşdirip, milli kosmos maksatnamasy üçin möhüm tapgyra öwrüldi.
Enjamy Ýerden 70 müň kilometr aralykda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär, bu bolsa argentin tehnologiýasy üçin rekord görkeziji bolar. Uzak kosmosda «Afina» radiasiýanyň derejesini ölçär, enjamlaryň iň täze böleklerini synagdan geçirer we uzak aralyk aragatnaşyk ýollaryny barlar. Alnan maglumatlar ylym üçin aýratyn möhüm bolup, olar alymlara geljekdäki uzak wagtly uçuşlara has gowy taýýarlyk görmäge hem-de olaryň adamlar üçin howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.
Uçuryş NASA-nyň maksatnamasynyň ikinji tapgyryna bagyşlanandyr. Bu tapgyr ekipažly Orion gämisiniň 2026-njy ýylyň aprelinden gijä galman Aýy aýlanyp çykmagyny göz öňünde tutýar. Şeýle abraýly missiýa argentin hemrasynyň gatnaşmagy Günorta Amerika respublikasynyň ýokary tehnologiýa derejesini tassyklaýar hem-de häzirki zaman kosmos barlaglarynyň ählumumy häsiýetini açyp görkezýär.
ORIENT
