Belarus ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek maksady bilen «Üwelen ýeralmadan taýýarlanylýan naharlar» atly milli maglumaty taýýarlamaga başlady. Bu gürrüň ýurduň nyşanyna öwrülen meşhur milli naharlary taýýarlamak we sarp etmek däplerini goramak barada gidýär diýip, BELTA habar berýär.
Medeniýet ministrliginiň wekili Irina Daşinskaýanyň sözlerine görä, ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmek döwletiň abraýyny ep-esli ýokarlandyrýar. Bu milli medeniýeti dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän syýahatçylar üçin has tanalýan we özüne çekiji edýär. Şeýle däpleri goramak milli özboluşlylygy saklamaga we medeniýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge kömek edýär.
Häzirki wagtda Belarus ÝUNESKO-da giňden tanalýar:
• Maddy ýadygärlikler: Belowež tokaýlygy, Mirskiý we Neswižskiý galalary, şeýle-de Struwe ýaýy.
• Däp-dessurlar: Sanawda eýýäm saman örmek sungaty, wytinanka, tokaý balçylyk däbi we «Kolýadnyý patyşalar» ýaly özboluşly däp-dessurlar bar.
Medeni mirasy wagyz etmek boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär. 2025-nji ýylyň aprelinde Neswiž şäherinde iri sergi taslamasy açyldy, Parižde bolsa Brest galasynyň we Mamaýew goragynyň ýadygärliklerini dünýä ähmiýetli ýadygärlikleriň sanawyna girizmek boýunça hödürnamanyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Raýatlar üçin amatly bolmagy maksady bilen «Döwlet taryhy-medeni gymmatlyklaryň sanawy» atly gözleg saýty we goşundysy döredildi. Indi islendik adam Belarusyň 5690 sany binagärlik we sungat ýadygärligi barada maglumat tapyp bilýär. Galalaryň we ybadathanalaryň dikeldilmegi diňe bir taryhy gorap saklaman, eýsem syýahatçylyk arkaly sebitleriň ykdysady ösüşine hem ýardam berýär.
ORIENT
