Hytaýyň Daşary işler ministri Wan Ýi penşenbe güni Pekinde Kanadanyň daşary işler ministri Anita Anand bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ol, Hytaý Halk Respublikasynyň Kanada bilen aragatnaşygyny pugtalandyrmaga, birek-birege ynamy artdyrmaga we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.
Wan Ýi, Kanadanyň premýer-ministriniň soňky sekiz ýylda Hytaýa amala aşyrýan ilkinji saparynyň, ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Ol, dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe, Hytaýyň Kanada bilen bilelikde, öňde duran päsgelçilikleri aradan aýyrmaklyga, bar bolan çaprazlyklary birek-birege hormat goýmak esasynda sazlamaklyga we hyzmatdaşlyga ünsi jemläp, özara gatnaşyklaryň durnukly ösüşini goldamaga taýýardygyny aýtdy.
Kanadanyň daşary işler ministri Anita Anand hem öz gezeginde Kanadanyň täze hökümetiniň Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Ol premýer-ministr Mark Karniniň Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen giň gerimli gepleşikleri geçirmäge, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, köptaraplaýyn meseleler boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmäge hem-de Hytaý – Kanada strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga garaşýandygyny mälim etdi.