Boş iş orny: Awtoyoly Group kompaniýasynda wideograf

Awtoyoly Group ýokary hilli wideokontent döretmek üçin wideografy öz toparyna çagyrýar. Kompaniýa döredijilige, başlangyçlylyga we dostlukly hem-de professional gurşawda ösmegiň islegine ýokary baha berýär.
Kompaniýa azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan, doly iş gününi işlemäge taýýar, professional enjamlar we wideomontaž programmalary bilen ynamly işläp bilýän, tabşyryklary çalt we netijeli ýerine ýetirýän hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän wideografy gözleýär.
Borçlary
– Professional kamera bilen işlemek
– Premiere Pro, After Effects, Final Cut programmalaryny ulanmak arkaly wideolary montaž etmek
– Kompaniýanyň taslamalary üçin ýokary hilli wideokontent döretmek
– Dürli döredijilik pikirleri öňe sürmek we olaryň işlenip çykarylmagyna gatnaşmak
– Möhletleriň berjaý edilmegi we iş prosesiniň guramaçylykly alnyp barylmagy
Talaplar
– Wideograf hökmünde azyndan 5 ýyl iş tejribesi
– Professional kameralary ynamly ulanmak ukyby
– Wideomontaž boýunça tejribe (Premiere Pro, After Effects, Final Cut)
– Çalt we netijeli işlemek ukyby
– Guramaçylyklylyk we tabşyryklary meýilleşdirmek başarnygy
– Dürli döredijilikli pikirlenmek
– Dostlukly we professional iş gurşawynda işlemäge taýýarlyk
– Topar bilen bilelikde uzak möhletleýin ösüşe isleg
Kompaniýa nämeleri hödürleýär
– Dostlukly we professional iş gurşawy
– Goşmaça tejribe gazanmak we hünär taýdan ösüş mümkinçilikleri
– Tehniki serişdeleriň üpjün edilmegi (kamera, kompýuter, programma üpjünçiligi)
– Bäsdeşlige ukyply zähmet haky
– Ofisde günortanlyk nahary
Nädip ýüz tutmaly
Saýlaw tapgyryna gatnaşmak üçin aşakdaky salgylanma boýunça formany doldurmagyňyz zerurdyr: