Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Ýerewan şäherinde türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

16.01.2026|17:55|
494
yerewan-saherinde-turkmen-ermeni-isewurlik-dususygy-gecirildi
Surat çeşmesi: Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy

15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň, şol sanda dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewürlik duşuşygy geçirildi.

Ýerewan şäheri Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň işewürlik duşuşygy

Işewürlik duşuşygynyň açylyş dabarasynda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wise-prezidenti N.Karamanukýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy B.Arazow, Ermenistan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Edgar Zakarýan çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy, Türkmenistanda we Ermenistanda ykdysadyýeti ösdürmek, işewürligi alyp barmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça döredilýän mümkinçilikler barada habar berdiler.

Ýerewan işewürlik duşuşygy

Soňra işewürlik duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanda we Ermenistanda işewürligi alyp barmak hem-de maýa goýum mümkinçilikleri barada tanyşdyryş prezentasiýalary görkezildi.

Türkmen-ermeni işewürlik duşuşygynyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, B2B görnüşindäki duşuşyklar geçirildi. Onuň dowamynda türkmen we ermeni kompaniýalarynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT