Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Aşgabatda Hindi filmleriniň festiwaly geçiriler

16.01.2026|21:30|
357
asgabatda-hindi-filmlerinin-festiwaly-geciriler
Surat çeşmesi: orient.tm

2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda Hindi filmleriniň festiwaly geçiriler. Çäre Türkmenistandaky Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasynyň başlangyjy bilen «Aşgabat» kinoteatrynda guralar.

Habarlara görä, festiwalyň çäginde tomaşaçylar hindi kinematografiýasynyň iň gowy nusgalary bilen tanyşyp, Hindistanyň milli kino sungatynyň özboluşly ruhuna aralaşyp bilerler. Maksatnamada dürli žanrlardaky çeper filmleriň görkezilmegi meýilleşdirilýär.

Kinogörkezişlere giriş hemmeler üçin açykdyr.

Hindi filmleriniň festiwaly Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda medeni dialogy ösdürmäge hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.

Kinogörkezişleriň tertibi

Фестиваль индийских фильмов

ORIENT