14-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga bu ýokary okuw mekdebiniň rektory we beýleki ýolbaşçy düzümleri gatnaşdylar.

Duşuşykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky bar bolan aragatnaşygy has-da berkitmek, pars dili olimpiadasyny geçirmeklik, halkara çärelerine işjeň gatnaşmak, bilelikde iki ýurduň meşhur şahsyýetlerine degişli çäreleri gurnamaklyk, ylym-bilim we medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Eýranyň ilçisi we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi pars dili hünärinde okaýan talyplar we mugallymlar bilen söhbetdeş boldular. Şeýle-de talyp ýaşlaryň pars diliniň öwrenişini has-da berkitmek maksady bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan birnäçe şahyrlaryň türkmen we pars diline terjime edilen kitaplary, okuw gollanmalary sowgat berildi.
ORIENT
