Ýaponiýa umman düýbünden seýrek ýer elementlerini gazyp almak boýunça özboluşly synaga başlady. Chikyu atly ylmy-burawlaýyş gämisi Ýuwaş ummanda ýerleşýän Minamitori atollyna ugrady. Bu ýerde taryhda ilkinji gezek takmynan 6 kilometr çuňlukdan gymmatly minerally palçyk çykarmak meýilleşdirilýär.
Tehnologiýanyň aýratynlygy nämede?
6000 metr çuňlukda işlemek örän uly kynçylyklar bilen baglanyşyklydyr, sebäbi bu ýerde basyş 600 atmosferadan hem ýokarydyr. Bu missiýa üçin ýörite ulgam işlenip taýýarlandy: düýp enjamy palçygy ýygnap, ony dik turba arkaly göni gäminiň üstüne ugradýar. Turbalaryň dykylmazlygy we zaýalanmazlygy üçin inženerler basyşy hakyky wagt tertibinde gözegçilikde saklaýan ulgamdan hem-de sazlap bolýan suw akymlaryndan peýdalanýarlar. Gäminiň özünde suw bilen minerallary biri-birinden aýyrýan süzgüçler gurnalan, bu bolsa geljekki logistika işlerini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Bu näme üçin ykdysady taýdan möhümdir?
Seýrek ýer elementleri smartfonlaryň, elektromobilleriñ we ýokary tehnologiýaly enjamlaryň önümçiliginde zerur bolup durýar. Häzirki wagtda Ýaponiýa bu çig mallaryň üpjünçiliginde esasan Hytaýa baglydyr, sebäbi bu ýurt dünýä bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Missiýanyň üstünlikli tamamlanmagy Ýaponiýa aşakdaky mümkinçilikleri berer:
• strategik taýdan möhüm çig mallaryň özbaşdak çeşmesini döretmek;
• tehnologiýa howpsuzlygyny berkitmek;
• beýleki ýurtlaryň eksport çäklendirmeleri bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak.
Amalyň çylşyrymlylygyna we ýokary çykdajylaryna garamazdan, bu ekspedisiýa ýurduň içinde täze serişdeleri özleşdirmegiň ýoluny açýar. Eger synaglar üstünlikli geçse, Ýaponiýa şeýle çuňluklarda peýdaly gazylýan baýlyklary durnukly ýagdaýda gazyp alyp bolýandygyny subut eden ilkinji ýurt bolar. Bu bolsa geljekki tehnologiýalaryň çig mal ýetmezçiligine bagly bolmazlygy ugrunda möhüm ädimdir.
ORIENT
