13-nji ýanwarda Almaty şäherinde Belarus Respublikasynyň Baş konsullygy resmi taýdan öz işine başlady. Şol gün Baş konsul Denis Meleşkiniň Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň wekilhanasynyň ýolbaşçysy Žanibek Abdraşow bilen duşuşygy geçirildi diýip, BELTA habar berýär.
Dabaraly duşuşygyň dowamynda gazak tarapy diplomata onuň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminama — ekzekwaturany gowşurdy. Gazagystanyň DIM-niň wekilleri kärdeşlerini wezipesiniň resmi taýdan başlanmagy bilen gutladylar hem-de konsullyk okrugynda alyp barjak işlerine hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini mälim etdiler.
Baş konsullygyň esasy wezipeleri söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekden, maýa goýumlary çekmekden hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat bolar. Şeýle-de Gazagystanyň iň iri şäherleriniň birinde raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, konsullyk meselelerini tiz we netijeli çözmek aýratyn üns merkezinde bolar.
Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýyldan bäri üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagta çenli hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn hukuk binýady 80-den gowrak halkara şertnamalary öz içine alýar. Almaty şäherinde täze wekilhananyň açylmagy Belarusyň sebitde gatnaşygyny giňeltmegiň logiki ädimi boldy.
Diplomatik missiýanyň dabaraly açylmagy iki döwletiň arasyndaky ýokary ynamy we iki halkyň bähbidine gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ymtylyşy açyp görkezýär.
ORIENT
