WhatsApp-yň işläp düzüjileri toparlaýyn hat alyşmalar üçin giň möçberli täzelenmäni hödürlediler. Messenjere aragatnaşygy has gowy guramaga kömek edýän täze funksiýalar goşuldy: gatnaşyjylar üçin ýörite bellikler, tekst stikerleri we wakalar barada awtomatiki duýdurmalar. Indi hatda iň uly toparlarda hem ugrukmak we duşuşyklary meýilleşdirmek has aňsat bolar.
Esasy täzelikleriň biri — şahsy tegleriň peýda bolmagydyr. Indi çatda ulanyjynyň adynyň ýanynda onuň wezipesi, meselem, «Moderator» ýa-da «Guramaçy» diýip görkezilip bilner. Bu bolsa gatnaşyjylara belli bir mesele boýunça kime ýüzlenmelidigini dessine düşünmäge mümkinçilik berýär, ähli kontaktlaryň sanawyny agtarmaga zerurlyk bolmaz. Şeýle bellikler her bir topar üçin aýratyn sazlanýar we aragatnaşygy düzgünleşdirýär.
Mundan başga-da, WhatsApp wagt tertibini we mazmuny dolandyrmagy hem aňsatlaşdyrdy. Ýatlatmalar funksiýasy meýilleşdirilen jaňlar ýa-da duşuşyklar barada gatnaşyjylara öňünden duýdurar, şeýlelikde möhüm waka hiç kimiň ünsünden düşmez. Şeýle hem ýazylan islendik sözi gözleg arkaly dessine stikere öwürmek mümkinçiligi peýda boldy. Bu gurallar messenjeri şahsy duşuşyklar üçin hem, iş meselelerini çözmek üçin hem doly derejeli platforma öwürýär.
ORIENT
