Anna güni Hytaýyň AS700 uçarmanly dirižabli ýurduň merkezi böleginde ýerleşýän Hubeý welaýatynda ilkinji täjirçilik uçuşyny amala aşyrdy. Bu waka möhüm tapgyry alamatlandyrýar, sebäbi bu Hytaýda öndürilen we täjirçilik ulanylyşyna girizilen ilkinji dirižabldyr.
AS700 dirižabli Uhan Hannаn howa menzilinden howa göterildi. Pes belentlikdäki ilkinji synag uçuşynyň dowamynda dirižabl birnäçe şäher etraplarynyň üstünden görkezme uçuşlaryny amala aşyrdy we soňra howpsuz ýagdaýda bazasyna dolanyp geldi.
Bu dirižabl pes belentlikdäki tygşytly uçuşlara bolan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.
«Dirižabl pes belentlikde uçuş üçin amatly pes tizligi, ýokary howpsuzlygy we aýratyn durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Ol 700 kilometr çenli iň ýokary uçuş aralygyny we 10 sagada çenli uçuş dowamlylygyny üpjün edýär, amaly uçuş beýikligi bolsa 3000 metre ýetýär. Bu aýratynlyklar ony howadan surat düşürmek, açyk mahabat we adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işleriniň ýerine ýetirilmegi üçin örän amatly edýär», — diýip, Changjiang Hangte Low-Altitude Aircraft Technology Co., Ltd. kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Çen Ýanlin aýtdy.
Dirižablygyň ulanylyşy diňe Changjiang Hangte kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu kompaniýa Changjiang Industrial Investment Group toparynyň golçur kärhanasydyr. 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Hytaýyň Merkezi we Günorta sebitleriniň Raýat awiasiýasy müdirligi kompaniýa ulanyş şahadatnamasyny berdi we şeýlelikde ol Hytaýda uçarmanly dirižabllar bilen täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga ygtyýar berilen ilkinji kärhana boldy.
Geljekde kompaniýa Uhan şäherindäki halkara marketing merkezini hem-de Szinmen şäherindäki esasy önümçilik binýadyny peýdalanyp, aerostatlar we uçarmansyz ýük göteriji enjamlary ýaly giň görnüşli önümleri ösdürmegi meýilleşdirýär.
«Biziň maksadymyz — ylmy-barlag we işläp taýýarlamak, önümçilik, çykaryş hem-de täjirçilik işlerini bitewi önümçilik zynjyry boýunça birleşdirip, pes belentlikdäki ykdysadyýet üçin özboluşly senagat klasterini döretmekdir», — diýip, Çen belledi.