London biržasynda Brent kysymly nebitiň bahasy bir barreli üçin 60 ABŞ dollaryndan pese düşdi. Bu geçen ýylyň dekabr aýynyň ortalaryndan bäri hasaba alnan iň uly bahanyň peselmegidir. Söwda dinamikasy bazaryň dünýä senagatynyň haýallaşmagyna we ammarlarda çig malyň wagtlaýyn artykmaçlygyna bolan täsir bildirýändigini görkezýär diýip, TASS habar berýär.
Sarp edijiler we işewürlik üçin nebit bahalarynyň peselmegi oňyn duýduryş bolup durýar. Nebit benzin, dizel ýangyjy we uçar kerosini öndürmek üçin esasy çeşmedir. Çig mal arzanlasa, logistika we ulag çykdajylary azalýar, bu bolsa harytlaryň eltiliş bahasyna göni täsir edýär. Uzak möhletde bu dükanlardaky önümleriň we hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanmagynyň öňüni almaga kömek edýär.
Häzirki wagtda derňewçiler bahanyň bu derejede näçe wagt saklanjakdygyny synlaýarlar. Eger nebitiň bahasy pes ýagdaýda galsa, bu dünýä ykdysadyýetine goşmaça itergi berer we kompaniýalara önümçilik çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik döreder.
ORIENT
