Hytaýyň Harbin şäherinde geçirilen talyplaryň arasynda XVIII Halkara Gar heýkeltaraşlyk bäsleşiginde Harbin Engineering University-niň talyplary uly üstünlik gazandylar. Olaryň «Türkmenistanyň buýsanjy» atly işi ikinji orna mynasyp bolup, milli medeniýeti halkara derejesinde mynasyp derejede tanyşdyrdy.
Heýkeliň awtorlary Serdarow Didar, Rejepow Ilmyrat, Joraýew Ýusupjan we Amanow Bagtyýar. Kompozisiýanyň merkezinde Türkmenistanyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ahalteke bedewi ýerleşýär. Gar we buzdan döredilen bu eser öz nepisligi, dinamikasy hem-de rowaýata öwrülen «asman bedewleriniň» asylly keşbini ussatlyk bilen beýan etmegi bilen emin agzalaryny haýran galdyrdy.
Bäsleşigiň At ýylynda geçirilmegi bu ýeňşe aýratyn ähmiýet berdi. At ýyly däp-dessurlara wepalylygy, ruhy güýji we sazlaşygy alamatlandyrýar — bu häsiýetler bolsa ahalteke bedewine gadymy döwürlerden bäri mahsusdyr.
Ikinji orun bäsleşigiň Guramaçylyk komitetiniň şahadatnamasy bilen sylaglandy. Bäsleşik senagat dizaýny boýunça bilim ulgamyndaky Milli usulyýetçi kiçi komitetiň goldawynda geçirildi.
