Gruziýada ýurda girýän daşary ýurtly syýahatçylaryň lukmançylyk ätiýaçlandyryşyna eýe bolmagyny talap edýän kanun güýje girdi. Degişli karar Gruziýanyň Kanunçylyk habarçysynyň resmi saýtynda çap edildi.
2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren syýahatçylyk hakyndaky kanuna laýyklykda, Gruziýa gelýän ähli daşary ýurtly syýahatçylar ýurtda bolýan döwrüniň dowamynda lukmançylyk ätiýaçlandyryşyna we betbagtçylykly hadysalara garşy ätiýaçlandyrylmaly. Syýahatçynyň ätiýaçlandyrylan möçberi azyndan 30 müň lari (takmynan 11,1 müň ABŞ dollary) bolmalydyr. Gruziýa girilende görkezilmeli ätiýaçlandyryş resminamasy kagyz görnüşinde hem-de elektron görnüşinde bolup biler we ol gruzin ýa-da iňlis dilinde düzülen bolmalydyr.
Bu kanun diplomatik pasportly raýatlara, şeýle hem ýolagçylary we ýükleri halkara derejesinde daşaýan ulag sürüjilerine degişli däldir. Şeýle-de bolsa, kanun syýahatçylary ätiýaçlandyryş resminamasyna eýe bolmaga borçly edýän hem bolsa, onuň bolmazlygy üçin jerime çärelerini göz öňünde tutmaýar.
Gruziýanyň Parlamenti 2023-nji ýylyň dekabrynda syýahatçylyk hakyndaky kanuny kabul edip, oňa laýyklykda 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap ýurda girýän syýahatçylar üçin saglyk we betbagtçylykly hadysalara garşy hökmany ätiýaçlandyryşyň güýje girmegi meýilleşdirilipdi. Emma soňra häkimiýet edaralary bu düzgüniň goşmaça taýýarlyk döwrüni talap edýändigini belläp, 2024-nji ýylyň iýunynda degişli üýtgetmeleri kabul etdiler we hökmany ätiýaçlandyryşyň girizilmegini 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna süýşürdiler.
