Hepdäniň sişenbe güni Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszýan welaýatynyň paýtagty Harbin şäherinde Hakimleriň Bütindünýä Dialogy atly maslahat öz işine başlady. Bu maslahata Ýewropa, Aziýa we Demirgazyk Amerika ýurtlaryndan şäher häkimleri hem-de şäher häkimlikleriniň ýokary wezipeli işgärleri gatnaşyp, buz we gar ykdysadyýetini ösdürmegiň amaly ýollary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.
“Buz we gar arkaly dünýäni baglanyşdyrmak, umumy geljek üçin özara bähbitli hyzmatdaşlyk” şygary astynda gurnalan, üç gün dowam edýän bu çärä Kanada, Finlandiýa, Germaniýa, Gresiýa, Koreýa Respublikasy, Taýland we Türkiýe ýaly ýurtlardan gelen şäher häkimleri, häkimlilikleriň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar. Çäräniň dowamynda buz we gar ykdysadyýeti, medeni hyzmatdaşlyk, “akylly” şäherleriň ösüşi, taryhy mirasy goramak we şäher dolandyryşy ýaly möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu çäräniň çäginde ýörite dialog meýdançasy guralyp, gatnaşyjylaryň arasynda giňişleýin pikir alyşmaga we täze başlangyçlary öňe sürmäge mümkinçilik döredildi. Myhmanlar Harbin Buz we gar dünýäsi ýaly özboluşly ýerleri görmäge, şeýle hem Harbin Buz we gar ykdysadyýetiniň sergisiniň açylyş dabarasyna hem-de söwda çärelerine gatnaşdylar. Bu çäreler Harbiniň buz we gar ykdysadyýeti boýunça nusga döretmekdäki üstünliklerini, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki tagallalaryny hem-de buz we gar medeniýetini miras hökmünde gorap saklamaga bolan çemeleşmesini görkezýändir.
Hytaýyň “buz şäheri” diýlip atlandyrylýan Harbin şäheri uzak we aýazly gyş möwsüminiň esasy syýahatçylyk mekanyna öwrüldi. Geçen gyş möwsüminde şäher 90 million 360 müň syýahatçyny kabul edip, 137 milliard 220 million ýuan (ýagny 19 milliard 440 million ABŞ dollary) möçberinde girdeji aldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 16.6 göterim ýokarydyr.