
Belarusda telekeçiligi goldamak maksady bilen üç iri karz maksatnamasy işe başlady: «Syýahatçylyk mümkinçiligi», «Güýçli sebitler» we «Tehnologik öz-özüni üpjün etmek». Hökümetiň başlangyjy bilen Ösüş banky we täjirçilik banklary işewürlik üçin amatly şertleri hödürleýär: ilkinji ýedi ýyl üçin 6–7 göterim ýyllyk ýeňillikli göterim, 200 million ruble çenli möçber we 15 ýyla çenli gaýtaryş möhleti. Bu barada BELTA habar berýär.
«Syýahatçylyk mümkinçiligi» maksatnamasy sebitlerde myhmanhanalary, sanatoriýalary, kempingleri we glampingleri gurýan ýa-da täzeläp durýanlar üçin niýetlenendir. Minsk şäherinden daşarda ýerleşýän ýaşaýyş, iýmit, sagaldyş we dynç alyş ulgamlaryndaky taslamalar goldaw alyp biler. Baş maksat — Belarusda içerki syýahatçylygy döwrebap we elýeterli etmekdir.
«Güýçli sebitler» ugry kiçi we orta şäherlerde önümçiligi ösdürmäge gönükdirilendir. Karzlar täze önümçilik sehlerini döretmek ýa-da gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem möhüm durmuş we lukmançylyk taslamalary üçin berilýär. Bu çäreler sebitleriň ykdysadyýetini berkitmäge we welaýat merkezlerinden daşarda täze iş orunlaryny döretmäge kömek eder.
«Tehnologik öz-özüni üpjün etmek» maksatnamasy iki esasy ugry öz içine alýar. Birinji ugur importyň ornuny tutmak we ýerli çig mallary gaýtadan işlemek bilen bagly bolup, mebel önümçiligi we zygyr önümleri hem muňa girýär. Ikinji ugur ýokary tehnologiýalary goldaýar: senagat robotlaryny, uçarmansyz ulgamlary döretmek we biotehnologiýa pudagyndaky taslamalar.
Täze maliýe önümleri işewürligiň esasy meselesini — elýeterli «uzak möhletli» maýanyň ýetmezçiligini çözýär. Başlangyç tapgyrda pes göterim derejesi taslamalara maliýe durnuklylygynyň zerur goru üpjün edilýär, bu bolsa olaryň üstünlikli öz-özüni ödemegine çykmagy üçin aýratyn möhüm bolup durýar.
ORIENT